Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi

  • 01.11.2023 23:56
  • 1.7k+

1-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy” 16-njy Hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen Gyrgyz Respublikasynyň daşary işler ministri Žeenbek Kulubaýewi kabul etdi.

Serdar Berdimuhamedow we myhman döwletara hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda soňky ýyllarda Türkmenistan  bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasynda däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň okgunly häsiýete eýe bolandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Nygtalyşy ýaly, biziň ýurtlarymyz diňe bir ikitaraplaýyn syýasy dialogy üstünlikli dowam etmek bilen çäklenmän, şol bir wagtda halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň we GDA-nyň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk edýärler.
Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň döwletara dialogynyň möhüm ugry bolup durýandygyna üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, bu ulgamda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, bar bolan ägirt uly kuwwatlyklary açmak üçin mümkin bolan ähli gurallaryň doly peýdalanylmagynyň zerurdygy tassyklanyldy. Ulag-üstaşyr gatnawlar ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy.
Iki ýurduň arasynda halklarymyzyň has-da ýakynlaşmagyna ýardam edýän medeni-ynsanperwer ulgamynda hyzmatdaşlyga aýratyn orun degişldir. Şunuň bilen baglylykda, ylym, bilim, sport we syýahatçylyk ulgamynda bilelikde işlemek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.


düýn 23:05
665

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
789

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

23.06.2026 19:20
5.6k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......