Hytaý emeli aň patentleriniň sany boýunça ABŞ-dan öňe geçdi

  • 31.10.2023 22:02
  • 3.9k+

Hytaý emeli aň pudagynda geçen ýylky 29 000 arza bilen deňeşdirilende emeli aň bilen baglanyşykly patent üçin 29 853 arza tabşyryp, öňe çykdy. Tersine, ABŞ-da emeli aň üçin patent arzalarynyň sany 5,5% azaldy. Umuman, iki ýurduň arasyndaky tapawut görkezijisi 80%-e deň diýip, ferra.ru ýazýar.

Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasynyň maglumatlaryna görä, emeli aň üçin global patent arzalarynyň 40%-den gowragy Hytaýyň paýyna düşýär, Ýaponiýa we Günorta Koreýa 2022-nji ýylda jemi 16 700 arza tabşyryp, ondan yzda barýar.
Şeýle üstünlik Hytaýyň nanomateriallardan we robototehnikadan başlap, ýokary radio ýygylykly aragatnaşyga, gorag we kosmos tehnologiýalaryna çenli dürli tehnologiýa pudaklarynda agalyk ediji ornuny görkezýär.
Pekiniň ýolbaşçylaryna ýakyn çeşmeler patent arzalaryny tabşyrmagyň Waşington tarapyndan geçirilýän çäklendiriji kampaniýalara garşy durmagyň iň täsirli usullarynyň biridigini nygtaýarlar. Ähli patent arzalary hakyky oýlap tapyşlara getirmese-de, Huawei ýaly hytaý kompaniýalary neýron ulgamlar, superkompýuterler ýaly dürli ugurlarda innowasiýalary gazanmagy başardylar.


11.06.2026 23:52
8.7k+

Hytaýda dünýäniň iň beýik minara krany guruldy

Hytaýyň Zoomlion kompaniýasy dünýäde iň beýik minara kran bolan LW3600-240NB-i döretdi. Bu tehnika örän beýik we agyr ýel generatorlaryny gurnamak üçin niýetlenilip, agramy 240 tonna çenli bolan ýükleri 241......

07.06.2026 20:08
5k+

Hytaý her bir adampisint roboty hasaba goýýar

Hytaýyň häkimiýetleri ähli adampisint robotlary hökmany suratda hasaba almagy we olaryň hersine üýtgeşik şahsy hasap belgisini bermegi göz öňünde tutýar....

28.05.2026 17:08
6.1k+

Hytaýda hasyl ýygymy ynanylan robot işini 90% netije bilen ýerine ýetirdi

Hytaýyň Szýansu şäheriniň Nantun welaýatynda täze nohut hasylyny ýygnamaga niýetlenilen robotyň şowly meýdan synaglary geçirildi....

28.05.2026 12:29
2.1k+

Hytaýda bir wagtyň özünde galyndylardan wodorod almagyň we CO2-ni siňdirmegiň usuly oýlanyp tapyldy

Hytaýly alymlar fermentasiýa arkaly biowodorod öndürmegiň geljegi uly tehnologiýasyny hödürlediler, bu bolsa bir wagtyň özünde iki möhüm meseläni çözýär: arassa ýangyç öndürmek we uglerod dioksidini gaýtadan......