Ýaponiýa syýahatçylaryň köplügine garşy göreşmegiň meýilnamasyny çap etdi

  • 01.11.2023 11:20
  • 10k+

Ýaponiýanyň Syýahatçylyk ministrligi soňky ýyllarda ýurda gelýän daşary ýurtly syýahatçylaryň köp bolmagy bilen bagly hereketleriň meýilnamasyny çap etdi. Ilkinji nobatdaky çäreler ulag infrastrukturasyny berkitmeklige gönükdiriler – esasanam, awtobuslaryň we taksileriň sanyny köpeltmek meýilleşdirilýär diýip, Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlary birleşigi (ATOR) habar berýär.

Jemgyýetçilik ulagynyň kämilleşdirilmegi Osaka we Tokio ýaly meşhur ýerlerde myhmanlary garşylamagy aňsatlaşdyrar. Hokkaýdoda lyža möwsüminde taksileri köpeltmek göz öňünde tutulýar. Syýahatçylara amatly bolar ýaly esasy otly menzillerinden meşhur syýahatçylyk ýerlerine göni awtobus gatnawy ýola goýlar. Şeýle hem myhmanlary ýollarda hereketiň ýygjam däl sagatlarynda  has köp syýahat etmäge höweslendirmek üçin, günüň wagtyna baglylykda, nyrhlary üýtgetmek teklip edilýär.
Syýahatçylaryň bir ýere köpçülikleýin jemlenmegini azaltmak üçin olary iň uly şäherlerden Ýaponiýanyň az tanalýan ýerlerine gönükdirmek möhümdir.
Meýilnamada 11 sany “nusgalyk” syýahatçylyk mekanynyň - Mie prefekturasyndaky Ise-Sima we gündogar Hokkaýdo ýaly ýerleriň yhlaslary görkezilýär.


düýn 16:40
1.9k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

düýn 12:20
7.5k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

05.06.2026 21:38
6.9k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
7k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......