Kia 2025-nji ýylyň Kia Carnival-ynyň resmi suratlaryny çykardy

  • 31.10.2023 19:56
  • 15k+

Kia Carnival 2025 miniweniniň resmi suratlaryny çap etdi. Bu model bilen bagly restaýling global derejede bolar: bu diňe bir daşky görnüşe däl, içerki we hatda hereketlendirijiniň diapazonyna hem täsir eder.

Ýöne çap edilen suratlardan häzirlikçe diňe daşky dizaýna baha berip bileris. Awtoulagda täze faralar, täze bamperler we yzky gapylar bolar. Içindäki üýtgeşmeler täzelenen Kia K5 2024 sedany bilen, takmynan, birmeňzeş bolar: bir bölümde iki sany 12,3 dýuýmlyk ekran, barmak yzy skaneri we, ähtimal, täze klimat kontrol bölümi bolar.
Kapotyň aşagyndaky täzelikler barada aýtsak, 2025-nji ýylyň Kia Carnival-y Sorento -dan alnan 1,6 litrlik turbo hereketlendirijisine esaslanýan täze gibrid güýç gurluşy bilen üpjün edildi. Kuwwaty 227 at güýji bolar.
Kia Carnival 2025-iň doly premýerasy noýabr aýynda bolar.


09.05.2026 12:43
3.5k+

5 orunlyk Kia PV5 Passenger öndürijiniň garaşanyndan has meşhur bolup çykdy

Kia kompaniýasy Beýik Britaniýada täze PV5 Passenger elektrik furgonynyň bäş orunlyk görnüşine duýdansyz ýokary islegi hasaba aldy....

07.05.2026 11:29
2.9k+

ABŞ-da Kia Sportage modeliniň gibrid görnüşiniň satuwy iki esseden gowrak artdy

Kia kompaniýasy aprel aýynda ABŞ-nyň bazarynda satuwyň az-kem peselendigini hasaba aldy, emma gibrid modellere bolan isleg ep-esli artdy. Bir aýyň dowamynda jemi 72 703 awtoulag satyldy, geçen ýylyň degişli......

20.04.2026 17:11
4k+

Kia we Genesis ýangyç syzma töwekgelçiligi sebäpli 235 müňden gowrak awtomobilini yzyna çagyrýar

Kia we Genesis kompaniýalary ýangyç ulgamynda ýüze çykan kemçilik sebäpli 235 792 sany awtomobili yzyna çagyrmak barada karara geldiler. Bu kemçilik benziniň syzmagyna we netijede ulagyň ot almagyna sebäp......

15.04.2026 10:47
2.6k+

Kia elektromobilleriň rekord satuwyna garamazdan, Sportage bilen Sorento-nyň benzinli görnüşlerini saklap galar

Kia kompaniýasy, heniz isleg barka, meşhur Sportage we Sorento modellerini içinden ýandyrylýan hereketlendirijiler bilen öndürmegini dowam eder....