Aşgabatda halkara ýaşlar maslahaty geçirildi

  • 31.10.2023 16:23
  • 4.9k+

Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň mejlisler zalynda “Halklaryň dostlugy – ýaşlaryň bagtly geljeginiň kepili” atly halkara ýaşlar maslahaty geçirildi. Bu maslahata BMG-niň Türkmenistandaky wekilleri, onuň düzüm bölekleriniň we guramalarynyň, şol sanda BMGÖM-iň, ÝUNISEF-iň, BMG-niň Ilat gaznasynyň wekilleri gatnaşdy.

Ýurdumyza Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy, ýolbaşçylar, mugallymlar we talyplar, şol sanda DÖM-iň ýaş ilçileri we Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň ÝUNESKO-nyň ýokary okuw mekdepleri klublarynyň wekilleri wekilçilik etdi.
Maslahatda BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko, BMGÖM-iň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýan, ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili Mohammad Faýazi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy Ýazpolat Keriýew, Türkmenistanyň DIM-niň HGI-niň okuw işleri boýunça prorektory Gülşat Ýusupowa, HYY we ÖU-nyň ylmy işler boýunça prorektory Nurmuhammet Şyhlyýew we beýlekiler çykyş etdi.
Olar öz çykyşynda halkara ýaşlar maslahatynyň geçirilmeginiň ýurtlaryň arasyndaky dostlugy we özara hormaty berkitmäge, umumy bagtly we durnukly geljegi gurmakda parahatçylykly gepleşikleriň ähmiýetine düşünmäge, ýaş nesilleriň Ýer ýüzünde durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek boýunça bilelikdäki köptaraplaýyn işlere mundan beýläk-de işjeň gatnaşmagyna ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.
Belläp geçsek, maslahata gatnaşyjylar üçin institutyň eýwanynda türkmen ýaşlarynyň, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň gazanan üstünliklerini hem-de türkmen halkynyň baý taryhyny we medeniýetini, halkymyzyň goňşuçylyk, myhmansöýerlik däplerini, dünýä halklaryna parahatçylykly we hormat goýmak ýörelgelerini beýan edýän özboluşly sergi guraldy.


19.06.2026 10:10
3.2k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.3k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.9k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......