ÝHHG-niň Baş sekretary Aşgabatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň DIM-niň ýolbaşçylary bilen duşuşar

  • 31.10.2023 14:35
  • 3.7k+

ÝHHG-niň Baş sekretary Helga Mariýa Şmid 31-nji oktýabrda ÝHHG-niň gatnaşyjy Merkezi Aziýa döwletleriniň Daşary işler ministrleri we beýleki ýokary wezipeli adamlar bilen duşuşmak üçin Türkmenistana geler.

Aşgabatda Baş sekretar Türkmenistanyň Daşary işler ministri tarapyndan gurnalýan we geçirilýän “ÝHHG-niň Baş sekretarynyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň forumyna” gatnaşar diýlip, ÝHHG-niň saýtynda habar berilýär.
Ýokary derejeli strategiki maslahat serhetleriň howpsuzlygy üçin töwekgelçilikler, howanyň üýtgemeginiň netijeleri we aragatnaşygy berkitmegiň tutuş sebite getirip biljek mümkinçilikleri ýaly meselelere gönükdiriler.
Duşuşyk gatnaşyjy Merkezi Aziýa döwletleriniň bu meseleleri çözmek we ÝHHG-niň bu tagallary nähili goldap biljekdigini ara alyp maslahatlaşmak üçin sebitleýin hyzmatdaşlygy giňeltmekde esasy mümkinçiliklerini kesgitlemek üçin meýdança bolup hyzmat eder.
Baş sekretar saparynyň dowamynda premýer-ministriň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow, Daşky gurşawy goramak ministri Çarygeldi Babanyýazow we beýleki gyzyklanýan taraplar bilen hem duşuşar.


düýn 20:55
1.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......