Koreýa Respublikasynyň DIM-niň ýolbaşçysy türkmen ilçisi bilen Türkmenistana saparyny maslahatlaşdy

  • 31.10.2023 13:35
  • 7.5k+

30-njy oktýabrda Seul şäherinde Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçisi B.Durdyýewiň bu ýurduň daşary işler ministri Pak Jin bilen duşuşygy geçirildi diýip, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berdi.

Duşuşygyň barşynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň we özara bähbitli köpugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, şol sanda, ministr Pak Jiniň Türkmenistana ýakynda amala aşyryljak resmi saparynyň we şu ýylyň 1-nji noýabrynda Aşgabatda geçiriljek “Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk  forumynyň 16-njy maslahatynyň gün tertibiniň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ministr “Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumynyň maslahatynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi ugrunda türkmen tarapynyň edýän tagallalary üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi.


düýn 18:54
2.1k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.1k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......