Pakistan TOPH-nyň owgan böleginde işleri çaltlaşdyrmak üçin gepleşikler geçirmegi teklip edýär

  • 30.10.2023 14:46
  • 9.6k+

Türkmenistanyň wise-premýeri Hojamyrat Geldimyradow Pakistanyň Daşary işler ministri Jalil Abbas Jilani bilen duşuşdy.

Duşuşyk 26-njy oktýabrda Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde ŞHG-niň hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisiniň çäginde geçirildi. Taraplar Türkmenistan — Pakistan hyzmatdaşlygynyň ýagdaýy we onuň mundan beýläkde ösdürmegiň ýollary barada pikir alyşdylar.
Jilani iki ýurduň arasynda dürli ugurlardaky ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini belläp, taryhy we medeni umumylyga esaslanýan döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.
Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, şeýle hem Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji liniýalar we optiki-süýümli aragatnaşyk taslamasynyň durmuşa geçirilmegi tutuş sebitiň sosial-ykdysady we gurluş taýdan ösüşine täze itergi berjekdigi nygtaldy. TOPH-yň owgan böleginde işiň depginini ýokarlandyrmak boýunça goşmaça gepleşikler geçirmek teklip edildi.
Mundan başga-da, Söwda-ykdysady ugurda bar bolan kuwwatlyklary netijeli peýdalanmak we özara söwdanyň möçberlerini artdyrmak üçin ähli gurallary ulanmagyň zerurdygy bellenildi diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Metbugat gullugynda habar berildi.
Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna nebit we gaz pudagy, energiýa we beýlekiler girdi. Şunuň bilen baglylykda, Bilelikdäki Türkmen-Pakistan hökümetara iş toparynyň işiniň möhüm orny nygtaldy.
2023-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda Bişkekde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň 22-nji mejlisi geçirildi. Türkmen wekiliýetine wise-premýer Hojamyrat Geldimyradow ýolbaşçylyk etdi.


şu gün 07:42
667

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......