Türkmen talyplary Özbegistanda matematika boýunça halkara olimpiadada 16 medal gazandylar

  • 29.10.2023 16:16
  • 13k+

23-29-njy oktýabrda Garagalpagystanyň paýtagty Nukus şäherinde geçirilen Muhammet al-Horezmi adyndaky Matematika boýunça halkara olimpiadasynda türkmenistanly ýaş matematikler 4 altyn, 5 kümüş, 7 bürünç medal gazandylar.

Olimpiada şeýle hem Gazagystandan, Özbegistandan, Täjigistandan we Gyrgyzystandan gelen iň oňat 152 matematikaçynyň gatnaşdy.
Türkmenistandan iki talyp «Absolýut çempion» adyny aldy. Olar — Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby Myratgeldi Annamuhammedow we Türkmen döwlet energetika institutynyň talyby Döwlet Gurdow.
Umuman alanyňda, Olimpiadada ýurduň dürli ýokary okuw mekdeplerinden - Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinden, Halkara gatnaşyklary institutyndan, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyndan, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyndan, Türkmen oba hojalyk institutyndan - jemi 35 talyp çykyş etdi.
Muhammet al-Horezmi adyndaky Matematika olimpiadasy Özbegistanyň hökümeti tarapyndan 2018-nji ýylda tassyklandy we şondan bäri her iki ýyldan bir gezek geçirilýär. Onuň guramaçylary - Özbegistan Respublikasynyň Ýokary bilim, ylym we innowasiýa ministrligi Garagalpagystan Respublikasynyň Ministrler geňeşi we Gazagystan Respublikasynyň Ýokary bilim, ylym we innowasiýa ministrligi.


26.06.2026 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.9k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......