Balkan welaýatynda kuwwatlylygy 1574 megawatt bolan, utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasy gurlar

  • 29.10.2023 14:31
  • 9.4k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň çäginde kuwwatlylygy 1574 megawatt bolan, utgaşykly dolanyşykda işleýän täze, döwrebap elektrik stansiýasyny gurmak hakynda Karara gol çekdi. Degişli resminama döwlet Baştutany şenbe güni Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi.

Mejlisiň barşynda wise-premýer B.Annamämmedowyň habar berşi ýaly, häzirki wagtda elektrik stansiýasynyň düýbüni tutmaga, şeýle hem ýurdumyzda bitewi halkalaýyn energetika ulgamyny kemala getirmegiň taslamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde gurlan Mary-Ahal asma elektrik geçirijisini ulanmaga bermäge taýýarlyk görülýär.
Kuwwaty 1574 megawatta deň bolan täze elektrik stansiýasy ýurdumyzda ikinji uly gaz we bug dolanyşygynda işlejek elektrik desgasydyr.


şu gün 16:45
403

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

düýn 22:17
1.8k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
5.2k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.3k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....