Türkiýe Togg elektromobilini dünýä markasyna öwürmegi meýilleşdirýär

  • 29.10.2023 08:48
  • 24k+

Türkiýe 2024-nji ýylda Togg milli elektrokaryny Ýewropa eksport edip başlamagy we wagtyň geçmegi bilen ony dünýä markasyna öwürmegi meýilleşdirýär.

Report agentliginiň TRT Haber teleýaýlymyna salgylanyp belleýşi ýaly, bu barada ýurduň Senagat we tehnologiýa ministri Mehmet Fatih Kajyr habar berdi.

“Häzirki wagtda biz günde 180-200 awtoulag ýygnaýarys, iki-üç hepdeden bu görkezijini 280-e ýetirmegi meýilleşdirýäris. 2024-nji ýylda biz özüne çekiji bazar bolan Ýewropa elektrokarlary eksport edip başlamagy, soňra Togg-y dünýä markasyna öwürmegi meýilleşdirýäris” – diýip, ministr aýtdy.

Togg elektrokary 2019-njy ýylda Türkiýede tanyşdyryldy, onuň önümçiligi ýurduň günbataryndaky Bursa sebitinde ýola goýuldy. Türkiýede Togg 2023-nji ýylyň mart aýynda satuwa çykaryldy. Öň, Türkiýäniň häkimiýetleri ýedi ýylyň dowamynda, takmynan, 1 mln elektromobil öndürmek meýilnamasy barada habar berdiler.


24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......