Türkmenistanly tennisçiler Özbegistanda geçirilen halkara ýaryşda dört altyn medal gazandylar

  • 28.10.2023 15:34
  • 6.8k+

Özbegistanyň Karşi şäherinde geçirilen tennis boýunça ATF14& Under halkara ýaryşynda ýaş türkmen türgenleri dört sany altyn medal gazandylar.

Şeýlelikde, iň ýokary derejeli medala ýekeleýin görnüşde Imran Ahundow mynasyp boldy. Selim Çagylowdan we Imran Ahundowdan ybarat jübüt tandemde garşydaşlaryndan üstün çykyp, münberiň birinji basgançagyna çykdy.
Ýene bir altyn medaly zenanlaryň arasynda geçirilen ýaryşda Ilima Güseýnowa gazandy.
Türkmen türgenleri Andreý Dowmatowyň we Ýewgeniý Molçanowyň ýolbaşçylygynda Aziýanyň tennis federasiýasy tarapyndan gurnalan halkara ýaryşda çykyş etdiler. Ýaryşa Merkezi Aziýa ýurtlaryndan ýetmişden gowrak türgen gatnaşdy.


06.06.2026 11:31
3.1k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4.2k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

30.05.2026 08:45
8.3k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

27.05.2026 18:22
9.3k+

Alp Arslan Begenjow Wýetnamdaky U23 Aziýa çempionatynda altyn medal gazandy

Wýetnamyň Danang şäherinde geçirilen U23 & U17 Asian Championships 2026 yklym birinjiliginde Türkmenistandan erkin göreşiji Alp Arslan Begenjow 23 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Aziýanyň çempiony boldy....