Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň itşynaslaryny, olaryň janköýerlerini gutlady

  • 28.10.2023 08:35
  • 6.6k+

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilip geçilýän  Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli ýurdumyzyň itşynaslaryna, olaryň janköýerlerine we halkymyza Gutlag iberdi.

«Türkmen alabaýy dünýäniň iň gadymy itleriniň biri bolmak bilen, merdana halkymyzyň genji-hazynasydyr we asyrlardan gözbaş alýan milli mirasydyr. Eýesine wepadarlygy, batyrlygy, gaýduwsyzlygy bilen biziň alabaýlarymyzyň dünýädäki meşhurlygy barha artýar.
Merdana ata-babalarymyz tarapyndan asyrlaryň dowamynda kemala getirilip, tohum arassalygy saklanyp gelnen, umumadamzat gymmatlygyna öwrülen alabaýlarymyz Ýer ýüzünde bar bolan tohum itleriň arasynda iň naýbaşylarynyň biri hasaplanýar. Halkymyzyň guwanjyna, ýakyn syrdaşyna öwrülen alabaýlarymyz biziň buýsanjymyzdyr.
Ynsan bilen türkmen alabaýynyň arasyndaky dostluk, wepadarlyk gatnaşyklary nusgawy eserlerimizde hem öz aýdyň beýanyny tapýar. Merdana ata-babalarymyz milli seçgiçiligiň ajaýyp nusgasy bolan alabaýlarymyzda mertligiň, gaýduwsyzlygyň, wepadarlygyň nyşanyny görüpdirler. Türkmen alabaý itleri gadymy topragymyzyň gudratydyr, mukaddes türkmen ojagynyň ýaraşygydyr, goragçysydyr we bahasyna hiç zat bilen ýetip bolmajak gymmatlygydyr» - diýlip Gutlagda aýdylýar.


düýn 15:15
906

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

12.06.2026 01:36
5k+

Lebap welaýatynda migrasiýa gullugynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýy gurlar

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň etrap bölüminiň işgärleri üçin gulluk ýaşaýyş jaýynyň taslamasyny düzmek, ony gurmak, ýanaşyk......

11.06.2026 14:06
7.3k+

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy DÇ-2026-nyň 104 oýnunyň ählisini görkezer

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň ähli oýunlaryny görkezer. Dünýä çempionaty eýýäm şu gije, Aşgabat wagty bilen sagat 00:00-da başlar....

11.06.2026 14:01
7.8k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....