Aşgabatda Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň III mejlisi geçirildi

  • 27.10.2023 19:17
  • 5.4k+

Anna güni Aşgabatda Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň III mejlisi geçirildi. Türkmen alabaýynyň baýramçylygyna bagyşlanan foruma Assosiasiýanyň agzalary, ýöriteleşdirilen gurluşlaryň we ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary we hünärmenleri gatnaşdy. Daşary ýurtly itşynaslar duşuşyga wideo aragatnaşyk arkaly goşuldylar.

Mejlisde hünärmenler türkmen alabaýlaryny dünýä tanatmak boýunça ýurtda alnyp barylýan giň gerimli işler, olary goramak we köpeltmek, şeýle-de populýasiýany saklamak barada gürrüň etdiler.
Olar öz çykyşlarynda tohumyň häzirki ýagdaýy barada maglumatlary ýygnamagyň we paýlaşmagyň möhümdigini bellediler. Tohumy köpeltmek, gorap saklamak we populýasiýanyň sanyny köpeltmek temalary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, bilelikde dürli çäreleri – konferensiýalary, sergileri, bäsleşikleri, seminarlary, leksiýalary we “tegelek stol” görnüşinde duşuşyklary geçirmegiň zerurdygy bellenildi.
Forumda çykyş edenler türkmen we daşary ýurtly kärdeşleriň hyzmatdaşlygynyň genetik fondy gorap saklamak we geljekki nesiller üçin bu özboluşly itleriň arassa wekilleriniň sanyny artdyrmak boýunça işleriň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdiler.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen türkmen alabaýynyň güni her ýyl oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýär.


düýn 16:30
557

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

düýn 12:20
724

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.8k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......