Türkmenistanyň syýahatçylyk pudagynda ýeten sepgitleri «Tourism Expo Osaka 2023» sergisinde görkezilýär

  • 27.10.2023 17:57
  • 9.1k+

26-29-njy oktýabry aralygynda Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçirilýän «Tourism Expo Osaka 2023» atly halkara syýahatçylyk sergisinde Türkmenistanyň milli syýahatçylyk pudagynda ýeten sepgitleri görkezilýär.

Sergide şeýle hem Türkmenistanyň syýahatçylyk ugurlary we bu ulgamda hödürlenýän hyzmatlar barada giňden görkezilýär. Şeýle hem daşary ýurt syýahatçylyk kärhanalary we sergä gatnaşyjylar türkmen halkynyň däp-dessurlary, milli baýramlary bilen tanyşdyrylýar.
Serginiň işine gatnaşýan Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramow syýahatçylyk pudagynyň ösdürilmeginiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenendigi barada belledi.
Syýahatçylyk ugrunda işjeň işleri alyp barýan «Aşgabat syýahat», «Aziýanyň merjeni», «Aýan», «Dag syýahat», «Durdynyýaz» we «Halkara syýahat» kärhanalary sergä gelýänlere öz mümkinçiliklerini hödürleýärler.
«Tourism Expo Japan 2023» halkara syýahatçylyk sergisi her ýylda Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentligi tarapyndan guralýar diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berdi.


şu gün 00:59
3.9k+

Hytaýda «hiç ýere gitmeýän kruizler» başlandy

Şanhaýda deňiz dynç alşynyň täsin görnüşi — «hiç ýere gitmeýän syýahatlar» ýola goýuldy. «Xinhua Net» agentliginiň habar bermegine görä, bu saparlarda gämi hiç bir porta girmän, üç günden soň ýene ýola çykan......

20.06.2026 01:05
4.3k+

Qantas awiakompaniýasy 2027-nji ýylda dünýäniň iň uzyn gonuşsyz uçuşyny ýola goýar

Qantas awiakompaniýasy 2027-nji ýylyň oktýabrynda Sidneý bilen Londonyň arasynda ilkinji göni uçuşyň başlanjakdygyny yglan etdi. Uzynlygy 16 000 km-den gowrak bolan bu ugur dünýäde iň uzyn ýolagçy gatnawy......

17.06.2026 23:58
2.9k+

Hindistan ýoň bolan elektron wiza bilen ýurda girmegiň san çäklendirmesini ýatyrdy

Hindistan 30 günlük syýahatçylyk elektron wizasy bilen ýurda girmegiň sanyna goýlan çäklendirmäni ýatyrdy. Indi şeýle wizanyň eýeleri onuň möhletiniň dowamynda ýurda isledikleriçe gelip bilýärler....

16.06.2026 23:15
4.2k+

Pariziň iň köne köprüsini uly gowaga öwürdiler: indi ol köpçülik üçin açyk

Fransuz suratkeşi JR Pariziň iň köne köprüsini uly göwrümli çeperçilik giňişligine öwüren «Pon-Nýof gowagy» atly gurnamasyny köpçülik üçin açdy. Bu desgany görmek mugtdyr we ol 28-nji iýuna çenli dowam eder....