«Türkmengaz»: 2023-nji ýylda Türkmenistan Russiýa 5 mlrd kub metr gaz iberer

  • 27.10.2023 17:47
  • 6.7k+

2023-nji ýylda Russiýa, takmynan, 5 mlrd kub metr türkmen gazynyň iberilmegi meýilleşdirilýär. Bu «Gazprom» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen baglaşylan şertnamada göz öňünde tutulandyr. Bu barada žurnalistlere “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew Aşgabatda geçirilen OGT – 2023 sergisiniň jemi boýunça metbugat konferensiýasynda aýtdy diýip, «Nebit-Gaz» elektron neşiri habar berdi.

“Şertnama esasynda ýylda, takmynan, 5 mlrd kub metr üpjünçilik mukdary göz öňünde tutulýar. Türkmen tarapy şertnama boýunça öz üstüne alan borçnamalarynyň çäginde olary ýyldan ýyla doly ýerine ýetirýär. Şertnama doly möçberde amala aşyrylýar we şu ýyl hem türkmen tebigy gazynyň Russiýa Federasiýasyna eksportynyň göz öňünde tutulýan mukdary 5 mlrd kub metr” – diýip, Arçaýew aýtdy.

“Türkmengaz” döwlet konserni bilen “Gazprom” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti türkmen tebigy gazyny Russiýa ibermek barada 2019-njy ýylda 5 ýyl möhlet bilen şertnama baglaşdy. Şertnama 2024-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli hereket eder.


20.06.2026 11:54
5.3k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......

12.06.2026 21:08
11k+

ABŞ taryhda ilkinji gezek nebit eksporty boýunça Saud Arabystanyndan we Russiýadan öňe geçdi

ABŞ taryhda ilkinji gezek nebit eksporty boýunça dünýäde birinji orna çykdy we köp ýyllaryň dowamynda bu babatda öňdebaryjylygy elden bermedik Saud Arabystanyny hem-de Russiýany yzda galdyrdy. Reuters......

08.06.2026 19:01
5k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....