Türkmenistanyň Hökümet wekiliýeti Türkiýede bilim alýan türkmen talyplary bilen duşuşdy

  • 27.10.2023 17:02
  • 12k+

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýä resmi saparynyň çäklerinde Ankarada ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary Türkiýäniň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary bilen duşuşdylar.

Bilim ulgamy türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň, umuman, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ynsanperwer ulgamdaky özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýaşlarymyza daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaklary we dürli hünärleri öwrenmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Bu ugurdaky däp bolan gatnaşyklary pugtalandyrmak meseleleri hemişe ýokary derejede geçirilýän ikitaraplaýyn gepleşikleriň gün tertibine girizilýär.
Talyplar özleri baradaky alada jogap edip, saýlap alan hünärlerini ele almak, ýokary derejeli hünärmenler bolup ýetişmek, okuwlaryny tamamlanlaryndan soňra alan bilimlerini iş tejribesinde üstünlikli ulanmak, Watanymyzyň gülläp ösmegine, onuň halkara abraýynyň has-da belende galdyrylmagyna, türkmen we türk halklarynyň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga mynasyp goşant goşmak üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar.
Duşuşygyň dowamynda talyplara türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly kitaby gowşuryldy. 


26.06.2026 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.9k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......