Türkmenistan Türkiýe Respublikasyna Bilelikdäki ulag-logistika merkezini döretmegi teklip etdi

  • 26.10.2023 23:13
  • 5.1k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde Ankarada geçirilýän Türkmen-türk işewürlik maslahatynyň açylyş dabarasyndaky eden çykyşynda Bilelikdäki ulag-logistika merkezini döretmek baradaky teklibi öňe sürdi.

Döwlet Baştutanynyň nygtaýşy ýaly, ulag-kommunikasiýa pudagy möhüm we geljegi uly ugurlaryň biri bolup durýar. Häzirki döwürde biziň ýurdumyzda täze ulag desgalarynyň, awtomobil we demir ýol geçelgeleriniň giňgöwrümli gurluşyk işleri alnyp barylýar, howa we deňiz menzilleriniň durky täzelenýär. 
Serdar Berdimuhamedow iki ýurduň ulag edaralarynyň, assosiasiýalarynyň we kompaniýalarynyň arasynda yzygiderli esasda iş duşuşyklaryny geçirmegi teklip etdi.

«Mundan başga-da, ulag-kommunikasiýa ulgamynda hyzmatdaşlygy güýçlendirmek, işleri utgaşdyrmak we sazlaşykly alyp barmak maksady bilen, döwlet ulag sektorlarynyň we hususy ulag-logistika kompanilarynyň gatnaşmaklarynda Bilelikdäki ulag-logistika merkezini döretmegi maksadalaýyk hasaplaýarys» diýip, Prezident belledi.


düýn 22:17
939

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
3.2k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......