Türkmenistanda iň gadymy ylmy-barlag institutlarynyň biriniň binasynyň durky täzelendi

  • 26.10.2023 17:40
  • 11k+

Türkmenistanda 1949-njy ýylda gurlan iň gadymy ylmy-barlag institutlarynyň biri bolan “Nebitgaztaslamanyň” binasynyň durky täzelendi. Bu institut ýurduň günbatar sebitiniň dolandyryş merkezinde, Balkanabat şäherinde ýerleşýär diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Bu ýerde ammarlar we barlaghanalar, şeýle-de institutyň inžener-aragatnaşyk, önümçilik-tehniki infrastrukturalary doly täzelendi diýip, institutyň nebitgaz ýataklarynyň gidrogeologiýa we gidrohimiýa barlaghanasynyň baş ylmy işgäri, geologiýa we mineralogiýa ylymlarynyň kandidaty, zähmet weterany Aýtmämmet Akmämmedow belleýär.
Açylyş dabarasynda döredijilik tans we aýdym-saz toparlary öz çykyşlaryny ýerine ýetirdiler, şeýle-de hormatly myhmanlaryň çykyşlary diňlenildi.
Belläp geçsek, ýurduň günbatar sebitinde bu institutyň binasynyň we iki ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasy «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» atly XXVIII halkara maslahaty we sergisi bilen bir wagtda bolup geçýär.


20.06.2026 11:54
5.2k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.6k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......