Bloomberg: Germaniýa ýylyň jemi boýunça Ýaponiýadan öňe geçip dünýäniň üçünji ykdysadyýeti bolup biler

  • 26.10.2023 17:34
  • 6.1k+

Germaniýa ýenanyň hümmetiniň dollara we ýewro garanda pese gaçmagynyň esasynda 2023-nji ýylyň ahyryna çenli nominal jemi içerki önüm (JIÖ) boýunça Ýaponiýadan öňe geçip, dünýäniň iň uly ykdysadyýetleriniň arasynda üçünji orny eýeläp biler. Bu barada Bloomberg agentligine salgylanyp, Report habar berýär.

Agentlik Halkara pul gaznasynyň (HPG) hasaplamalaryna salgylanyp, GFR-iň nominal JIÖ-niň şu ýyl 4,43 trln dollar boljakdygyny görkezýär. Ýaponiýa üçin çaklama görkezijisi 4,23 trln dollara barabar. Şol bir wagtyň özünde, Germaniýada jan başyna düşýän JIÖ-iň ortaça derejesi 52 824 dollara, Ýaponiýada 33 950 dollara deň bolar.
Bloomberg-iň belleýşi ýaly, çaklama täzeden seredilmegi ýapon walýutasynyň “düýpli arzanlamagy” bilen baglanyşyklydyr, häzir 1 ýewro, takmynan, 160 ýena barabar.
HPG-niň soňky maglumatlaryna görä, ABŞ we HHR 2023-nji ýylyň jemi boýunça dünýäniň iň uly ykdysadyýetleriniň sanawynda birinji we ikinji orunlaryny saklarlar. ABŞ-nyň hakyky JIÖ 2,1%, Hytaýyňky – 5% ýokarlanar.


düýn 16:30
557

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

12.06.2026 10:04
5.5k+

Kyodo: Ýaponiýada puluň hümmetsizlenmegi güýçlendi. Lomaý bahalar üç ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

ABŞ-ndan, Hytaýdan we Germaniýadan soň nominallaýyn Jemi içerki önüm (JIÖ) boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Ýaponiýa ykdysady basyşyň güýçlenmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy. Kyodo habarlar gullugynyň......

11.06.2026 13:44
3.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

11.06.2026 07:42
1.9k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......