Türkmenistanly žurnalistleriň Türkiýede bilimini kämilleşdirmegi ugrunda hyzmatdaşlyk ediler

  • 26.10.2023 14:36
  • 4k+

25-nji oktýabrda Türkiýä sapar bilen baran türkmen wekiliýetiniň düzüminde bolýan köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary «Anadolu» habarlar gullugynyň Baş müdirliginde gepleşikleri geçirdiler.

Agentligiň habar bermegine görä, türkmen wekiliýeti meşhur türk habarlar gullugynyň Global habarlar bölüminiň müdiri Faruk Tokat tarapyndan kabul edildi.
Duşuşykda «Anadolu-nyň» taryhy, habarlary taýýarlamak tejribesi, žurnalistleriň iş tertibi we geljekki meýilnamalary barada maglumatlar berildi.
F.Tokat dünýädäki häzirki zaman özgerişleri nazara alyp, täze döredilen bölümleriň ähmiýetine ünsi çekdi we hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýän habarlar agentlikleri bilen işleşmäge we tejribe alyşmaga hemişe taýýardygyny mälim etdi.
«Anadolu» habarlar gullugynyň bölüm müdiri Alptegin Çihangir türkmenistanly žurnalistleriň Türkiýede žurnalistika ugry boýunça bilim almak we ukyp-başarnygyny artdyrmak boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň netijeli häsiýete eýe boljakdygyny belledi.
Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň başlygy M.Gazakbaýew žurnalistleriň ukyp-başarnygyny, bilim derejesini artdyrmakda türk kärdeşleri bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň oňyn netije berjekdigini nygtady. Şeýle-de «Anadolu» habarlar gullugynyň Türkmenistanda, sebit ýurtlarynda we halkara habarlar giňişliginde uly abraýa hem-de ynama eýe bolandygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, gazet-žurnallarda zähmet çekýän ýaş žurnalistleri taýýarlamakda «Anadolu» bilen işjeň gatnaşyklaryň alnyp baryljakdygyny we degişli ylalaşyklar boýunça hyzmatdaşlygyň ýola goýuljakdygyny belledi.
Ikitaraplaýyn gepleşikleriň barşynda özara gyzyklanma bildirilýän sowallar boýunça giňişleýin pikir alşyldy.


şu gün 00:03
1.8k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1.4k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

24.06.2026 10:10
5k+

Stambul düzgüni bozýan taksi sürüjilerini gözegçilikde saklamak üçin dronlary ulanýar

Stambulyň häkimiýeti şäheriň merkezinde taksi sürüjilerini gözegçilikde saklamak üçin dronlary ulanmaga başlady diýip, Stambulyň taksiçiler palatasynyň dolandyryjy geňeşiniň wekili Günger Petekiň sözlerine......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......