Toyota ýakyn wagtda elektrik ulagynyň batareýalarynyň täze neslini köpçülikleýin öndürip başlar

  • 26.10.2023 08:57
  • 9.2k+

Ýaponiýanyň Toyota kompaniýasy elektrik ulagy üçin gaty batareýalary köpçülikleýin öndürmek tehnologiýasyny özleşdirmäge ýakyn diýip, kompaniýanyň inženeri Financial Times gazetine habar berdi.

"Gurnamagyň tizligi barada aýtsak, ýene azajyk garaşmaly. Sany köpelderis we hiline serederis" -diýip, ol Toyota-nyň adaty litiý-ion bilen deň mukdarda gaty batareýalary öndürmäge taýýardygy baradaky soraga jogap berdi.

Hünärmenler gaty berk batareýalaryň pudagyny düýpgöter özgertmek mümkinçiliginiň bardygyny köpden bäri belläp gelýärler diýip, gazet ýazýar.  Şeýle batareýalar, esasanam, zarýad beriş wagty, sygymy we ýangyn töwekgelçiligi bilen baglanyşykly birnäçe meseläni çözüp biler.
Toyota gaty batareýaly elektrikli ulaglaryň ýöreýiş ätiýaçlygynyň häzirki modellerinden iki esse köpelip, 1200 kilometre ýetmegine, zarýad beriş wagtynyň bolsa 10 minutdan köp bolmazlygyna garaşýar.
Toyota 2027-nji ýa-da 2028-nji ýyla çenli gaty berk batareýalary köpçülikleýin öndürip biler diýlip garaşylýar.


24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......