Sentýabr aýynda Özbegistan Türkmenistandan gaz importyny ep-esli ýokarlandyrdy

  • 25.10.2023 21:59
  • 6.4k+

Sentýabr aýynda Özbegistan Türkmenistandan tebigy gazyň importyny ep-esli ýokarlandyrdy. Bu Özbegistan Respublikasynyň Statistika agentliginiň maglumatlaryndan gelip çykýar.

Geçen aý Özbegistana iberilen gazyň möçberi 281,6 mln dollara barabar boldy. Bu 2023-nji ýylyň sekiz aýyndaky görkezijiden iki esseden hem gowrakdyr.
Özbegistan ýylyň başyndan bäri 487,9 mln dollarlyk mawy ýangyjy import etdi – bu geçen ýylyň degişli görkezijisinden 83,4% köpdür.
Netijede, gaz importy tas iki esse azalan eksportdan geçdi. Soňky iki aýda ýurt Hytaýa mawy ýangyjyň eksportyny azaltdy. Eger iýul aýynda onuň Hytaýa gaz eksporty 91,39 mln dollar bolan bolsa, awgust we sentýabr aýlarynda ol, degişlilikde, 75,27 mln dollara we 41,62 mln dollara çenli azaldy.
Gaz importynyň ep-esli ýokarlanmagy Türkmenistandan gelýän üpjünçiligiň hasabyna boldy diýip, Statistika agentligine salgylanyp, “Gazeta.uz” belleýär.
Sentýabr aýynda Türkmenistandan import 302,3 mln dollar artdy, bu hem ýurda Özbegistan bilen haryt dolanyşygy boýunça altynjy orna çykmaga mümkinçilik berdi. Umuman, Türkmenistandan import 700,9 mln dollar boldy, özbek önüminiň goňşy ýurda eksporty bolsa 129,4 mln dollar boldy.
Awgust aýynda Aşgabatda “Türkmengaz” bilen UzGasTrade Özbegistana ýylda 2 mlrd kub metr türkmen tebigy gazyny ibermek barada şertnama baglaşdy.


20.06.2026 11:54
5.3k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......

08.06.2026 19:01
5k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.3k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....