Türkmenistanda türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli sergi we halkara maslahat geçiriler

  • 22.10.2023 08:38
  • 4.6k+

Şu ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesine ýurdumyzda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär. Çärelere görülýän taýýarlyk barada Hökümet mejlisiniň barşynda habar berildi.

Dabaralaryň çäklerinde “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly halkara bäsleşigiň jemleýji tapgyryny, sergidir halkara ylmy maslahaty geçirmegiň göz öňünde tutulýandygy barada habar berildi. Mundan başga-da, “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň III mejlisi geçiriler.
Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda türkmen alabaýlarynyň tohum arassalygyny gorap saklamak, baş sanyny artdyrmak we şan-şöhratyny dünýä ýaýmak boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny nygtady.
Döwlet Baştutany bu baýramy ýokary derejede guramak üçin gowy taýýarlyk görmegiň möhümdigini nygtap, degişli tabşyryklary berdi.


düýn 00:03
3k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

27.06.2026 19:31
1.8k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.5k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......