Tesla salondaky kameralar arkaly sürüjilere gözegçilik edip başlar

  • 21.10.2023 14:52
  • 10k+

Tesla kompaniýasy howpsuzlyk üçin kamera ulanyp, elektrikli awtoulag sürüjilerine gözegçilik edip başlar. Bu barada Electrek habar berdi.

Täze aýratynlyk kompaniýanyň ähli awtoulaglarynda – täzelerinde hem, eýýäm satylanlarynda hem peýda bolar. Ýörite ulgam sürüjiniň ýoldaky we ulagy dolandyrmakdaky ünsüne baha berer. “Sürüjiniň ukuly ýagdaýdadygyny duýduryjy” opsiýasy (Driver Drowsiness Warning) awtoulagyň eýesi irkilip başlasa ýa-da başga zatlara ünsüni sowsa - meselem, smartfona güýmense, ses signalyny açar.
Sürüjiniň ýagdaýyna baha bermek üçin Tesla sürüjiniň ýüzüne seredýän kamerany ulanar. Kompaniýanyň gollanmasynda bu aýratynlygyň sagatda 65 kilometrden geçýän tizlikde ýa-da awtopilot öçürilenden soň 10 minudyň dowamynda işjeňleşdiriljekdigi aýdylýar.

Kompaniýa ulanyjylaryň sazlamalar arkaly yzarlamak funksiýasyny öçürip biljekdigini aýdyňlaşdyrdy. Şeýle-de bolsa, her gezek täzeden hereket edip başlananda, ýene işjeň ýagdaýa geçer. Ýewropaly awtoulag söýüjiler bu täzelige ilkinji bolup baha bererler.


24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......