В Ашхабаде состоялась встреча мастеров народно-художественных ремесел Туркменистана и Татарстана

  • 19.10.2023 19:53
  • 5.5k+

Türkmenistanda geçirilýän Tatarystan Respublikasynyň Medeniýet günleriniň çäklerinde paýtagtyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde “Halkyň çeper döredijiligini we senetçiligini gorap saklamak, dikeltmek we ösdürmek” temasy boýunça tegelek stol geçirildi.

Medeni gepleşiklere Tatarystan Respublikasynyň ussatlarynyň we halk ussatlarynyň toparynyň agzalary, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň wekilleri, sungaty öwrenijiler hem-de at gazanan sungat işgärleri gatnaşdy.
Gepleşikler başlamazdan ozal myhmanlar türkmen halkynyň däp bolan senetleri bilen tanyşdylar. Türkmen zergärleriniň, halyçylarynyň we halk ussatlarynyň işlerini gyzyklanma bilen öwrenip, Tatarystan Respublikasynyň ussatlary türkmen kärdeşlerine tatar medeniýetiniň baý halk mirasynyň dessurlary boýunça döredilen önümlerini görkezdiler. Däp bolan egin-eşiklerdäki we el keşdesindäki käbir meňzeşliklere ünsi çekip, myhmanlar iki dostlukly halkyň – türkmenleriň we tatarlaryň – inçe ýüpek sapaklaryň nagyşlary bilen baglanyşandygyny bellediler.
Tatarystan Respublikasynda diňe bir döwlet däl, eýsem halk senetleriniň özboluşly ussahanalary hem işjeň ösdürilýär. Her ýyl Tatarystan Respublikasynyň hökümeti tarapyndan halkyň çeper döredijiligi pudagynda kiçi we orta telekeçiligiň subýektlerine goldaw bermek üçin grantlar berilýär.
Işgärleri taýýarlamak, halk döredijiliginiň we senetçiliginiň däp-dessurlaryny öwrenmek we ýaýratmak barada pikir alyşmak bilen, iki ýurduň wekilleri däp bolan halk senetlerini ösdürmek üçin barlygyň häzirkizaman formalarynyň we önümçilikde IT tehnologiýalaryny ulanmagyň zerurdygy baradaky netijä geldiler.
Duşuşygyň ahyrynda myhmanlar Türkmenistana gelip görmek mümkinçiligi, şeýle-de halk däp-dessurlarynyň hem senetleriniň goldanylýandygy we goralyp saklanýandygy üçin ýurdumyzyň hökümetine minnetdarlyk bildirdiler.


11.05.2026 22:59
1.3k+

В Ташкенте прошла международная конференция об ахалтекинских скакунах

В Ташкенте, столице Узбекистана, состоялась международная научно-практическая конференция «Ахалтекинский скакун — символ дружбы народов», а также конноспортивные состязания и конкурс красоты «Жемчужина......

08.05.2026 22:18
2.4k+

Туркменские кинематографисты завоевали три награды на кинофестивале «Туран» в Измире

Туркменские кинематографисты удостоились трех престижных наград на Международном кинофестивале «Туран», который проходил с 3 по 8 мая 2026 года в турецком городе Измир....

07.05.2026 00:06
2.6k+

Вниманию кошатников: в Туркменистане проводится онлайн-конкурс истории о питомцах

Делегация Европейского союза в Туркменистане объявила о запуске творческого онлайн-конкурса в соцсети Instagram. Инициатива приурочена к показу анимационного фильма «Flow», который пройдет в рамках 4-го......

06.05.2026 09:18
13k+

Проверяйте заранее… Рейсы «Туркменских авиалиний» во Франкфурт переведут в другой терминал

Рейсы Авиакомпании «Туркменистан» в аэропорт Франкфурта с 6 мая 2026 года будут выполняться из Терминала 3 и прибывать в этот же терминал. Об этом сообщили в самой авиакомпании....