Pekinde bilim pudagynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň perspektiwalaryna seredildi

  • 19.10.2023 19:56
  • 4.7k+

Türkmenistanyň wise-premýeri Nurmuhammet Amannepesow we HHR-iň Bilim ministri Huaý Szinpen Pekinde Üçünji halkara “Bir guşaklyk, bir ýol” forumynyň çäklerinde duşuşyk geçirdi. Bu barada ORIENT habar berýär.

Huaý Szinpen soňky ýyllarda bilim pudagynyň dürli ugurlary boýunça Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda ýola goýlan pragmatiki hyzmatdaşlyga ýokary baha berdi hem-de HHR-iň bu ugurda gazanan soňky üstünlikleri barada aýtdy.
Ministr iki tarapyň hem bilelikdäki tagallalar bilen köp derejeli hyzmatdaşlygyň täze mehanizmini işe girizjekdigine we şol sanda ÝUNESKO-nyň çäklerinde özara gatnaşyklaryň täze modellerini we formatlaryny döretjekdigine hem-de bilim pudagynda hytaý-türkmen gepleşiklerini täze derejä çykarjakdygyna ynam bildirdi.
Amannepesow Türkmenistanyň uniwersitet alyşmalary, ýaşlar syýasaty, ylmy we inžener zehinleri taýýarlamak ugrunda, şeýle-de sanly bilim ýaly ýörgünli ugurda Hytaý bilen amaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmäge taýýardygyny aýtdy diýip, China Education Online belleýär.


26.06.2026 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.9k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......