Türkmenistanyň parlamentiniň wekiliýeti Fransiýa barar

  • 19.10.2023 16:24
  • 5.3k+

Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçisi Maksat Çaryýew respublikanyň Senatynyň “Merkezi Aziýa – Fransiýa” parlamentara toparynyň başlygy Erwe Moreý bilen duşuşyp, türkmen parlamentiniň wekiliýetiniň sapary bilen bagly meseläni maslahatlaşdy. Bu barada ýurduň Pariždäki ilçihanasyna salgylanyp, ORIENT habar berýär.

“Ikitaraplaýyn gatnaşyklar nukdaýnazaryndan türkmen tarapy hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine gyzyklanma bildirdi. Dürli çäreleri, şol sanda özara saparlary hem-de Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýetiniň Fransiýa saparyny guramak pikirleri teklip edildi” – diýlip, Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasynyň metbugat relizinde aýdylýar.

Senator türkmen tarapynyň teklibini uly höwes bilen kabul edip, Mejlisiň deputatlarynyň saparynyň Fransiýa Türkmenistandaky özgertmelere has gowy düşünmäge we baha bermäge, şeýle-de Aşgabat bilen Parižiň arasyndaky parlamentara gatnaşyklary ösdürmäge mümkinçilik berjekdigini belledi.
Türkmen diplomatlary Türkmenistanyň ýolbaşçylygy tarapyndan amala aşyrylýan özgertmeler hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegi barada giňişleýin gürrüň berdiler.


düýn 17:29
6.2k+

Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi: sebäbi näme?

Fransiýanyň Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi. Bu aýakgaplar 2011-nji ýylda Hytaýdan satyn alnan üç konteýnerlik galp harytlardyr. 15 ýyllap dowam eden kazyýet dawasy sebäpli aýakgaplaryň......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......