Jeff Bezos dünýäde iň baý adamlaryň sanawynda ikinji ýere geçdi — Bloomberg

  • 19.10.2023 08:09
  • 11k+

Amazon.com Inc.-iň esaslandyryjysy Jeff Bezos LVMH Moet Hennessy Louis Vuitton-niň başlygy Bernar Arnodan öňe geçdi we Bloomberg Billionaires Index-iň wersiýasyna görä, dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda ikinji ýeri eýeledi.

Bezosyň baýlygy Amazon paýnamalarynyň bahasynyň ýokarlanmagy sebäpli ýylyň başyndan bäri 49,3 milliard dollar artdy we 156 milliard dollara ýetdi. Arno 2023-nji ýylda 6,95 milliard dollar ýitirdi, indi bolsa baýlygy 155 milliard dollar diýlip çaklanylýar.
Birinji ýeri baýlygy dünýäde 200 milliard dollardan geçýän ýeke-täk adam Tesla -nyň baş direktory Ilon Mask eýeleýär. Ýylyň başyndan bäri 52 ýaşly telekeçiniň baýlygy 96,8 milliard dollar artyp,  234 milliard dollara ýetdi.
Tesla-nyň paýnamalary ýylyň başyndan bäri 106% ýokarlandy, Amazon-yň paýnamalarynyň bahasy 58% ýokarlandy, LVMH-iň kapitalizasiýasy 2,1% pese gaçdy.


20.06.2026 10:45
3.8k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......

12.06.2026 13:09
9.5k+

Ilon Mask dünýäniň ilkinji trillioneri boldy: häzirlikçe diňe kagyz ýüzünde

Ilon Mask taryhda şahsy kapitalynyň möçberi 1 trillion dollardan geçen ilkinji adam boldy. «Reuters» habarlar agentliginiň mälim etmegine görä, bu SpaceX kompaniýasynyň paýnamalaryny Nasdaq biržasynda ilkinji......

10.05.2026 12:04
1.4k+

Mask Anthropic bilen ylalaşyk baglaşandan soň, xAI-niň aýratyn kompaniýa hökmünde ýapylýandygyny yglan etdi

Emeli aň işläp düzmek bilen meşgullanýan xAI kompaniýasy aýratyn gurluş hökmünde ýapylyp, SpaceX-iň AI bölümine öwrüler. Bu barada kompaniýanyň eýesi Ilon Mask X sosial media platformasynda habar berdi....

27.04.2026 23:00
2.5k+

Kazyýet Maskyň OpenAI-a garşy talaplarynyň bir bölegini ret etdi, kazyýet işi dowam edýär

Kazyýet Ilon Maskyň OpenAI kompaniýasyna we onuň esaslandyryjylaryndan biri bolan Sem Altmana garşy bildiren "kezzapçylyk" aýyplamalaryny ret etdi, emma beýleki aýyplamalar boýunça derňew işleri dowam eder. Bu......