Malýariýa keselini ýok etmäge kömek etjek sanjym döredildi

  • 19.10.2023 07:43
  • 4.3k+

Oksford uniwersitetiniň we Hindistanyň gan suwuklygy institutynyň alymlary 2040-njy ýyla çenli gyzzyrma (malýariýa) keseli ýok etmäge kömek edip biljek sanjymy döretdiler.

Malýariýa keselinden, takmynan, 500 müň adam ejir çekýär. Keseli döredýän plazmodiý çybynyň çakmagy arkaly ýokuşýar we soňra ol adam bedeninde köpelýär. Keseliň dowamynda parazitler adamyň gyzyl gan öýjüklerini ýok edýär, netijede, näsag agyr ganazlykdan ölýär. Alymlar keseli deriniň üsti bilen bedene girip, güýjäp başlamazyndan ozal ýok etmek isleýärler.
«R21/Matrix» sanjymy eýýäm BSGG-niň tassyknamasyny aldy. Dermanyň artykmaçlygy onuň bu keseli irki döwründe ýeňip geçmäge kömek edýänligindedir, şeýle hem onuň köpçülikleýin we arzan önümçiligini ýola goýmak mümkindir. Synaglar «21/Matrix-iň» keseliň 75% öňüni alýandygyny görkezdi.

«Biz bäş ýa-da on ýylyň içinde keselden doly dynarys diýip pikir etmeýäris, munuň üçin hakyky görkeziji hökmünde, takmynan, 15 ýyl gerek bolar. 2040-njy ýyl sanjym üçin dogry maksat bolar. Hiç kim häzirki çärelerden – çybyn torlaryndan we dermanlardan ýüz öwürmegi teklip etmeýär. Emma indi adamzadyň beýleki usullardan has gowy gorap biljek täze serişdesi bar» diýip, hünärmenler belleýärler.


20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......