Gün zarýady bilen işleýän awtomobil 1000 km geçip rekord goýdy

  • 18.10.2023 12:45
  • 17k+

Dünýäde ýoluň ýok ýerinde zarýad bermezden uzak aralygy geçmäge ukyply bolan ilkinji awtomobil hasaplanýan Gün batareýalarynda işleýän awtomobil Marokkonyň we Saharanyň üsti bilen 1000 km aralygy geçmek boýunça synagy üstünlikli tamamlady. Bu barada ferra.ru habar berýär.

Stella Terra diýlip atlandyrylan bu iki orunlyk awtomobil Eýndhowen Tehnologiýa uniwersitetiniň talyplary tarapyndan işlenip taýýarlandy. Üçekde oturdylan birnäçe Gün panellerinden alynýan energiýa bilen işleýän Stella Terra-nyň iň ýokary tizligi sagatda 145 km barabar, agramy bary-ýogy 1,2 tonna we güneşli günde ýol ätiýajy azyndan 710 km.
Solar Team Eindhoven toparynyň menejeri Wisse Bos awtomobilde ulanylýan tehnologiýanyň häzirki bazardan on ýyl öňde barýandygyny belleýär.
Awtomobilde az güneşli şertlerde, ýöne has gysga aralyga çenli işlemäge mümkinçilik berýän litiý-ion akkumulýatory oturdyldy.
Bu taslamanyň başynda duran talyplar işläp taýýarlamalarynyň has uly awtomobil kompaniýalaryny ekologiýa taýdan arassa ulag serişdelerini döretmäge ruhlandyrjakdygyna umyt bildirýärler.


12.05.2026 14:52
2.1k+

Bir ýarym sagatda 74 km süýşme: XPeng P7 yzgarly ýolda drift boýunça rekord goýdy

XPeng P7 elektromobili yzgarly ýolda dolandyrylýan süýşme (drift) arkaly 73,594 kilometr aralygy geçip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Bu barada XPeng Motors kompaniýasynyň ýolbaşçysy He Sýaopen mälim etdi....

04.04.2026 13:20
2.2k+

Ford GT Mk IV “Nýurburgringda” içinden otlanýan hereketlendirijili iň çalt awtoulag boldy

Ford GT Mk IV superkary “Nýurburgring-Nordşlýaf” ýolunda iň çalt gibrid däl içinden otlanýan hereketlendirijili awtoulag boldy. Ford bu barada Germaniýada geçirilen 21 kilometrlik ýaryşlaryň netijelerini......

30.01.2026 18:50
5.3k+

Toyota rekord derejeli satuw bilen ýene dünýäniň iň uly awtoöndürijisi boldy

2025-nji ýylda Toyota kompaniýasy 11,32 mln awtomobil satyp, täze dünýä rekordyny goýdy. Bu görkeziji 2024-nji ýyldakydan 4,6% köpdür. Şeýlelikde, kompaniýa ýene dünýäniň iň iri awtoöndürijisi adyny saklamagy başardy...

25.01.2026 13:47
7.4k+

Hytaý dünýäde iň uly rolker gämisini suwa goýberdi. Oňa 11 müňe golaý ulag ýerleşýär

Hytaýyň Guangzhou Shipyard International (GSI) gämi gurluşyk zawody sygymy rekord derejedäki ýük daşaýan gämini suwa goýberdi. Gämi her saparda 10 800 awtoulagy daşamaga ukyply we Koreýanyň Hyundai awtoulag öndürijisi üçin guruldy...