Pekinde Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda «Bir guşak, bir ýol» III ýokary derejeli maslahaty geçirilýär

  • 18.10.2023 12:21
  • 11k+

Şu gün — 18-nji oktýabrda Pekin şäherinde «Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli maslahaty öz işine başlady. HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň başlyklygynda geçirilýän bu forum ýurtda ýylyň dowamynda guralýan iň möhüm diplomatik çäredir. Oňa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti hem gatnaşýar.

Giň gerimli bu forumy geçirmek üçin Hytaýyň Halk ýygnaklar öýi saýlanyp alyndy. dünýäniň 140 döwletinden, halkara guramalaryň hem 30-dan gowragyndan wekiller «Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşmak üçin bu ýere ýygnandylar. Bilelikdäki resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soňra, forum öz işine başlady diýip, «Türkmenistan» gazetiniň elektron neşiri habar berýär.
Şu gezekki wekilçilikli çäre «Bir guşak, bir ýoluň» çäginde ýokary hilli hyzmatdaşlyk: bilelikde umumy ösüşiň we abadançylygyň bähbidine» mowzugy astynda guralýar. Bu başlangyjyň çägindäki ýokary derejeli forumyň çagyrylmagy yzygiderli häsiýete eýe boldy. Ol ilkinji gezek 2017-nji ýylyň maýynda, ikinji gezek bolsa 2019-njy ýylyň aprelinde Pekinde geçirilipdi.
Maksatnama laýyklykda, nobatdaky ýokary derejeli çäräniň açylyş dabarasynda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin maksatnamalaýyn çykyş etdi. Soňra dürli sebitlere wekilçilik edýän käbir wekiliýet Baştutanlarynyň çykyşlaryna orun berildi. «Bir guşak, bir ýol» başlangyjynyň esaslandyrylmagynyň 10 ýyllygynyň çäklerinde guralýan bu abraýly foruma Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem gatnaşmagy biziň ýurdumyzyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerinde jogapkärli, işjeň orny eýeleýändiginiň nobatdaky beýanydyr.
Ýeri gelende bellesek, HHR-iň Başlygy Si Szinpin tarapyndan öňe sürlen «Bir guşak, bir ýol» başlangyjy sebitleýin goşulyşmagy çuňlaşdyrmak, söwdany ösdürmek we ykdysady ösüşi gowulandyrmak üçin guryýer hem-de deňiz ýollary arkaly Aziýa yklymyny Afrika we Ýewropa bilen birleşdirmegi göz öňünde tutýan maksatnamadyr. Bu taslama iki ugry — Ýüpek ýolunyň ykdysady guşagyny we XXI asyryň deňiz Ýüpek ýoluny öz içine alyp, onda infrastruktura desgalaryny ösdürmek üçin maýa goýumlary çekmek ileri tutulýar.


düýn 19:01
953

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

12.05.2026 20:41
12k+

ABŞ-nyň awtoulag senagaty Trampdan bazary hytaý awtoulaglaryna açmazlygy soraýar

Amerikan awtoulag öndürijileri, üpjün edijileri, polat guýujy kompaniýalary, kärdeşler arkalaşyklary we kanun çykaryjylar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy ABŞ bazarynyň hytaý awtoulaglary üçin açylmagyna ýol......

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......