Türkmenistanda geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda bürünç asyrynyň däp-dessuryna degişli zatlar tapyldy

  • 18.10.2023 12:15
  • 20k+

Türkmenistanyň günorta-gündogaryndaky Margiana arheologiki ekspedisiýasynyň dowamynda bürünç eýýamynyň iň gadymy artefaktlary tapyldy (bürünç asyry, takmynan, b.e. öňki 3300-nji ýyldan 1200-nji ýyla çenli taryhy döwür). Arheologlar gazuw-agtaryş işlerine gaýdyp gelmek bilen, koronawirus pandemiýasy sebäpli üç ýyllyk arakesmeden soň açyş etdiler. Bu barada ekspedisiýanyň ýolbaşçysy, Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Etnologiýa we antropologiýa institutynyň baş ylmy işgäri Nadežda Dubowa salgylanyp, TASS habar berdi.

Arheologlar ýarym asyr bäri Garagum çölünde ýerleşýän Goňur-Depe şäherçesini öwrenýärler. Miladydan öňki 3-2 müňýyllyklarda, bürünç eýýamynda şol ýerde gadymy Marguş ýa-da Margiana gülläp ösüpdir. Indi bu ýerler köp sanly gadymy ýadygärlikleri bilen öwrenilmäge mynasyp gymmatly obýektdir.
Şeýlelik bilen, Margiana arheologiki ekspedisiýasyna gatnaşyjylar keramikanyň bölekleri çümdürilen mazarlaryň birinde syrly toýun topjagazlary tapdylar. “Biz ozal bu ýerden beýle topjagazlary asla tapyp görmändik. Topjagazlar belli bir tertipde durdular. Olar käbir däp-dessurlarda ulanylan bolsalar gerek, ýöne oýunlarda ulanylandyr diýip aýtmak gaty kyn "-diýip, Dubowa belledi .
Şeýle-de, gazuw-agtaryş işleriniň geçirilýän ýerinde syrça örtükli minerallardan ýasalan syrly konus şekilli zatlar hem tapyldy. Ekspedisiýanyň ýolbaşçysy arheologlaryň ozal beýle zatlary tapmandygyny aýtdy. Alymlaryň pikiriçe, bu şekiller oýunlar ýa-da çaklamalar we däp-dessurlar üçin ulanylan bolsalar gerek.


06.03.2026 17:29
5.5k+

HNGU-nyň talyp gyzy kükürtden boýag serişdesini almagyň tehnologiýasyny işläp düzdi

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby Maral Gullyýewa adaty kükürtden boýag serişdelerini almagyň tehnologiýasyny işläp düzdi. Bu oýlap tapyş Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugy tarapyndan bellige alyndy...

28.02.2026 13:00
3.5k+

«Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň barlaghanalary halkara akkreditasiýadan geçiriler

Türkmenistanda «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň synag barlaghanalaryny halkara akkreditasiýadan tapgyrlaýyn geçirmek meýilleşdirilýär. Bu barada anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisiniň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H...

17.02.2026 13:06
845

Apple mart aýynyň başynda «ýörite» Apple Experience çäresini geçirer

Apple kompaniýasy 2026-njy ýylyň 4-nji martynda ýörite Apple Experience çäresiniň  geçiriljekdigini yglan etdi. Ol Aşgabat wagty bilen sagat 19:00 meýilleşdirildi. 9to5Mac neşiriniň belleýşi ýaly, kompaniýa çäräniň resmi tertibini häzirlikçe açyp görkezmedi...

12.02.2026 18:54
1.4k+

Türkmenistanyň ilçisi ýapon hyzmatdaşlary bilen ylmy-tehnologik gatnaşyklary maslahatlaşdy

2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Ýaponiýada Türkmenistanyň ilçisi A. Baýramowyň Türkmen-ýapon ylmy-tehnologik assosiasiýasynyň prezidenti H. Koýnuma we bu assosiasiýa bilen hyzmatdaşlyk edýän ýapon kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşygy boldy...