Si Szinpin Gurbanguly Berdimuhamedowy we onuň maşgalasyny dabaraly garşy aldy

  • 18.10.2023 07:39
  • 46k+

17-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we maşgalasy Hytaýyň Halk ýygnaklar öýüne bardylar. Bu ýerde belent mertebeli myhmanlary resmi garşylamak dabarasy boldy.

Iki tarapynda foruma gatnaşyjy ýurtlaryň Döwlet baýdaklary hatara düzülen haly düşelen ýodajykdan wekiliýetleriň ýolbaşçylary “VIP” ýygnanyşyk otagyna — “Hebeý” zalyna çagyryldy.
Şeýle hem bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowanyň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin we onuň maşgalasy Pen Liýuan bilen surata düşmek dabarasy boldy. Soňra “Taýwan” mejlisler zalynda wekiliýetleriň Baştutanlarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň “Bir guşak, bir ýol” üçünji ýokary derejeli maslahatynyň resmi banneriniň we dünýä ýurtlarynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde bilelikde surata düşmek dabarasy geçirildi.
Soňra foruma gatnaşyjylar “Altyn” zala çagyryldy. Bu ýerde belent mertebeli myhmanlaryň we olaryň maşgala agzalarynyň hormatyna Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň adyndan resmi agşamlyk nahary berildi. Onuň dowamynda HHR-iň sungat ussatlary çykyş etdiler.
Dabaraly kabul edişlik tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri maşgalasy bilen “Dýaoýuýtaý” kabulhanasyna ugrady.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary dowam edýär.


düýn 11:41
3.3k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
3.2k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.6k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......