Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary başlandy

  • 17.10.2023 16:02
  • 30k+

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşmak üçin Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary bilen bardy diýip, TDH habar berýär.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň Aşgabatdan ugran uçary Pekiniň «Şoudu» howa menziline gondy. Howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Liderini Hytaý Halk Respublikasynyň resmi adamlary garşyladylar.
Saparyň çäginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşar we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşyk geçirer. 
Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy uzak möhletleýin häsiýete eýe bolup, ýurtlarymyz tarapyndan gol çekilen strategik hyzmatdaşlygy ýola goýmak barada bilelikdäki Jarnama laýyklykda guralýar. Şu ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Hytaýa bolan döwlet saparynyň we şol saparda HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen geçiren duşuşygynyň netijeleri boýunça iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň derejesiniň hemmetaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlyga tarap ýokarlanjakdygy barada habar berildi.
«Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli maslahaty Merkezi Aziýanyň, Ýewropanyň we Afrikanyň 60-dan gowrak ýurduny birleşdirýän täze söwda-transport geçelgelerini döretmek, häzirki hereket edýänlerini bolsa kämilleşdirmek boýunça Hytaýyň halkara başlangyjy bolup durýar. Şeýle hem maslahat şol ýurtlar bilen Hytaýyň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň ösmegine ýardam berer.


düýn 11:41
3.4k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
3.3k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.6k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......