Merkezi Aziýa ýurtlaryndan Azerbaýjana syýahatçylaryň akymy ep-esli artdy

  • 17.10.2023 12:55
  • 6.1k+

2023-nji ýylyň ýanwar – sentýabr aýlarynda Azerbaýjana Merkezi Aziýa ýurtlaryndan 95 871 syýahatçy bardy, bu bolsa 2022-nji ýylyň degişli döwründäki görkezijiden (73 823) 29,87% ýokarydyr diýip, Trend habar berýär.

Azerbaýjanyň Döwlet syýahatçylyk agentliginiň maglumatlaryna görä, Gazagystandan baran syýahatçylaryň sany 42 124 adam (bir ýylda 88,28% ösüş), Özbegistandan – 27 976 adam (bir ýylda 59,16% ösüş), Türkmenistandan – 18 494 adam (bir ýylda 2,87 esse ösüş), Gyrgyzystandan – 3 841 adam (bir ýylda 77,74% ösüş), Täjigistandan – 3 436 adam (bir ýylda 86,94% ösüş) boldy.
Belläp geçsek, hasabat döwründe Azerbaýjana jemi 1 536 375 syýahatçy bardy (32,11% ösüş).
2017 – 2022-nji ýyllar aralygynda Merkezi Aziýa ýurtlaryndan Azerbaýjana 411 141 adam bardy (Gazagystandan 167 052, Türkmenistandan 119 201, Özbegistandan 96 278, Gyrgyzystandan 15 467, Täjigistandan 13 143 adam).


düýn 16:40
1.9k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

düýn 12:20
7.5k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

08.06.2026 09:43
4.3k+

“Çölüň sesi” ekspedisiýasy Türkmenistanyň we beýleki Merkezi Aziýa ýurtlarynyň çölleriniň üstünden geçer

Mongoliýada "Çölüň sesi" atly halkara ekspedisiýa başlandy. Oňa gatnaşyjylar Merkezi Aziýanyň iň uly çöllerinden, şol sanda Türkmenistanyň içinden - umumy uzynlygy 17 müň kilometrlik ýoly geçerler diýip,......

05.06.2026 21:38
6.9k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....