Ahalteke atlary baradaky rus filmi Türkmenistanda geçirilen kinofestiwalyň baýragyna eýe boldy

  • 17.10.2023 12:44
  • 12k+

Türkmenistanda “Arkadagyň säheri” halkara kinofestiwaly geçirildi. Festiwalda Russia Today teleýaýlymy “Ahalteke atlary – asman atlary” filmi üçin ýörite baýraga mynasyp boldy. Bu barada MIR 24 habar berýär.

Filmiň awtorlary Türkmenistanda atçylygyň we atçylyk sportunyň ösdürilişi, şeýle-de gadymy ahalteke tohumyny köpeltmek üçin ýurduň hökümeti tarapyndan görülýän çäreler barada gürrüň berýärler.

“Kinofestiwal ilkinji gezek geçirilýär. Meniň pikirimçe, onuň ýyllyk festiwal bolmaga ähli mümkinçiligi bar, sebäbi guramaçylyk, hemişekisi ýaly, ýokary derejede, hemmeler örän mähirli, myhmansöýer” – diýip, režissýor Ýelena Norkunaýte belleýär.

Şeýle-de, Türkiýäniň teleradiokompaniýasy hem gatnaşandygy üçin ýörite baýrak aldy. Ol tomaşaçylara Merkezi Aziýanyň gadymy şäherleri barada gysga metražly filmleri hödürledi.


19.06.2026 10:10
3k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.2k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.8k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......