RF-niň wise-premýeri Eýranyň Türkmenistanyň, RF-niň we Kataryň gatnaşmagynda gaz merkezini döretmek pikiri barada aýtdy

  • 16.10.2023 00:07
  • 12k+

Eýranyň Türkmenistanyň, Russiýanyň we Kataryň gatnaşmagynda gaz merkezini döretmek baradaky teklibine baha bermek we öwrenmek gerek diýip, Russiýanyň wise-premýeri Aleksandr Nowak RT Arabik teleýaýlymyna beren interwýusynda aýtdy Bu barada ORIENT belleýär.

“Meniň pikirimçe, “Gazprom” kompaniýamyz bu meseläni öwrener. Eger bu, hakykatdanam, hakyky we potensial gowy taslama bolsa, elbetde, oňa Russiýa hem gatnaşar. Ýöne oňa baha bermeli we öwrenmeli” – diýip, Nowak belledi.

Şeýle-de, Russiýanyň wise-premýeri häzirki wagtda türk hyzmatdaşlarynyň “Gazprom” tarapyndan Türkiýede gaz merkezini döretmegiň taslamasy boýunça taýýarlanan ýol kartasyny gözden geçirýändiklerini aýtdy.
Şu hepde “Gazpromyň” ýolbaşçysy Alekseý Miller Eýranyň nebit ministri, NIOC-yň Müdirler geňeşiniň başlygy Jawad Ouji we Türkiýäniň Energetika we tebigy baýlyklar ministri Alparslan Baýraktar bilen duşuşyklary geçirdi.
Duşuşyklar 11 – 13-nji oktýabrda Moskwada geçirilen “Rus energetika hepdeligi – 2023” halkara forumynyň çäginde geçdi.


20.06.2026 11:54
5.3k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......

12.06.2026 21:08
11k+

ABŞ taryhda ilkinji gezek nebit eksporty boýunça Saud Arabystanyndan we Russiýadan öňe geçdi

ABŞ taryhda ilkinji gezek nebit eksporty boýunça dünýäde birinji orna çykdy we köp ýyllaryň dowamynda bu babatda öňdebaryjylygy elden bermedik Saud Arabystanyny hem-de Russiýany yzda galdyrdy. Reuters......

08.06.2026 19:01
5k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....