GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň jemi boýunça 16 resminama gol çekildi

  • 14.10.2023 19:50
  • 24k+

Bişkekde geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň ahyrynda birnäçe resmianamalara gol çekildi. Bu barada Gyrgyzystan Respublikasynyň lideriniň saýtynda habar berilýär.

Duşuşygyň jemi boýunça şu aşakdaky resminamalara gol çekildi:

  1. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäginde özara gatnaşyk barada pikir alyşmak;
  2. 2024-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmek barada;
  3. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirmek barada;
  4. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hormat nyşany bilen sylaglamak barada;
  5. Rus dili boýunça Halkara guramasyny döretmek baradaky Şertnama barada;
  6. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň gatnaşyjy döwletleriniň ýolbaşçylarynyň sanly tehnologiýalar pudagynda döwlet dolandyryş ulgamlaryny sazlaşdyrmak boýunça hyzmatdaşlyk etmek baradaky Beýany barada;
  7. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň gatnaşyjy döwletleriniň ýolbaşçylarynyň köp polýarly dünýäde döwletara gatnaşyklaryň ýörelgeleri baradaky Beýany barada;
  8. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň gatnaşyjy döwletleriniň ýolbaşçylarynyň adamyň we raýatyň din azatlygy hukugyny goramak baradaky Beýany barada;
  9. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň gatnaşyjy döwletleriniň ýolbaşçylarynyň rus dilini milletara aragatnaşyk dili hökmünde goldamak we ösdürmek baradaky Beýany barada;
  10. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda Synçynyň statusy we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hyzmatdaşy statusy barada;
  11. Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileri kanunlaşdyrmagyň (bikanun ýol bilen alynmagy) we terrorçylygy maliýeleşdirmegiň töwekgelçiliklerine baha bermek boýunça Halkara merkezini döretmek baradaky Şertnama barada;
  12. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň gatnaşyjy döwletleriniň kazyýet-ekspert işi babatynda Koordinasion geňeşini döretmek baradaky Şertnama barada;
  13. 2024 – 2028-nji ýyllar üçin jenaýatçylyga garşy göreşmekde bilelikdäki çäreleriň Döwletara maksatnamasy barada;
  14. “Parahatçylygy berkitmäge goşan goşandy üçin” medaly barada;
  15. Samarkant şäherini (Özbegistan Respublikasy) 2024-nji ýylda Arkalaşygyň medeni paýtagty diýip yglan etmek barada;
  16. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hukuk aktlaryna üýtgetmeler girizmek barada:
    16.1. 2000-nji ýylyň 21-nji iýunyndaky Teswirnama bilen tassyklanan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komiteti baradaky Düzgünnama üýtgetmeler girizmek baradaky Teswirnama barada.
    16.2. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň edaralarynyň kararlaryna üýtgetmeler girizmek barada.
    16.3. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň 2003-nji ýylyň 19-njy sentýabryndaky Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň gatnaşyjy döwletleriniň býujet serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýän Arkalaşygyň edaralarynyň umumy býujetine paý goşantlaryny geçirmek boýunça borçnamalaryň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň gatnaşyjy döwletleri tarapyndan ýerine ýetirilmegi boýunça çäreler baradaky Kararyna üýtgetmeler girizmek barada.

düýn 23:05
665

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
789

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

23.06.2026 19:20
5.6k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......