Tesla 2023-nji ýylyň modelleri üçin öz-özüni dikeldýän gorag plýonkasyny çykardy

  • 14.10.2023 15:56
  • 6.9k+

Amerikanyň Tesla awtoulag öndürijisi uretan esasly öz-özüni dikeldýän gorag plýonkasyny hödürledi. Model 3-iň we Model Y-nyň eýeleri ony ulanyp bilerler.

TechCrunch -yň habar bermegine görä, Tesla-nyň täze önüminiň bahasy 7,5 müň dollardan 8 müň dollara çenli. Plýonka birnäçe reňkde hödürlenýär: gök, ýaşyl, tyllaýy, ak, gara, gyzyl we çal. Satylyş bahasy Tesla hyzmat merkezlerinde materiallary we gurnamalary öz içine alýar.
Awtoulag eýeleri awtoulagyny diňe bir zeperlerden goraman, eýsem awtoulagyň reňkini hem üýtgedip bilerler. 5000 dollarlyk dury plýonka awtoulagyňyzyň zawod reňkini gopmakdan we çyzylmalardan goraýar. Hyzmat diňe Tesla-nyň Günorta Kaliforniýadaky hyzmat merkezlerinde elýeterlidir. Ony gurnamak, ulag hyzmat merkezine tabşyrylandan soň, bäş-ýedi iş gününiň içinde amala aşyrylýar.
Awtoulag eýeleri plýonkany ulaglarynda köp wagt bäri ulanýarlar, ýöne Tesla bu hyzmaty satuwdan soňky hyzmat hökmünde hödürleýär. Plýonkany birnäçe sagadyň içinde ýelmäp bolýar, bu awtoulagyňyzyň daşky görnüşini üýtgetmegiň has arzan we aňsat usulydyr. Tesla düz reňkleri hödürleýär, ýöne üçünji tarapyň hyzmatlary plýonka islendik bezegi diýen ýaly çap edip biler.
Kompaniýa plýonkanyň öz-özüni dikeltmek häsiýetleriniň bardygyny we awtoulagyň kuzowyny gorap biljekdigini aýtdy. Örtük zaýalanan bolsa, eýesi onuň diňe zeper ýeten bölegini çalşyp biler.


11.05.2026 16:03
1.3k+

Tesla kompaniýasy Model S-iň we Model X-iň önümçiligini bes etdi

Tesla kompaniýasy resmi taýdan öz meşhur modelleriniň — Model S sedanynyň we Model X krossoweriniň önümçiligini bes etdi. Soňky awtoulaglar Fremont konweýer liniýasyndan çykaryldy we bu brendiň taryhyndaky......

06.05.2026 15:47
5k+

Tesla-nyň Fremontdaky zawodynda Model X-iň soňky nusgasy ýygnaldy

Tesla kompaniýasynyň Fremontdaky zawodynda Model X elektrik krossoweriniň taryhda iň soňkusy ýygnaldy....

02.05.2026 11:52
5k+

Tesla Cybercab-y köpçülikleýin çykaryp başlady: ulag önümçilikden çykyp duralga özi baryp durýar

Tesla kompaniýasy Tehasdaky Gigafactory zawodynda iki orunlyk, doly awtonom Cybercab elektromobiliniň köpçülikleýin önümçiligine resmi taýdan başlady....

28.04.2026 23:00
6k+

Tesla-nyň Cybertruck pikaplarynyň esasy alyjysy Ilon Maskyň özi bolup çykdy

Ilon Maskyň eýeçiligindäki kompaniýalar, ilkinji nobatda bolsa SpaceX, Cybertruck elektrik pikaplarynyň esasy alyjylaryna öwrüldiler. Olar geçen ýylyň dördünji çärýeginde ABŞ-da hasaba alnan ähli Cybertruck......