Türkmenistan şu ýylyň dekabrynda Aşgabatda Bitaraplygyň toparynyň nobatdaky duşuşygyny geçirmegi teklip etdi

  • 14.10.2023 08:10
  • 7.7k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow 13-nji oktýabrda Bişkekde GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde eden çykyşynda türkmen tarapynyň başlangyjy bilen BMG-niň giňişliginde döredilen Bitaraplygyň dostlary toparynyň çäklerinde köptaraply hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işlere aýratyn ünsi çekdi.

Türkmenistan şu ýylyň dekabrynda Aşgabatda toparyň ýokary derejedäki nobatdaky duşuşygyny geçirmegi, şondan soňra 2024-nji ýylda halkara maslahaty guramagy teklip etdi we GDA gatnaşyjy döwletleriň ýokarda agzalan başlangyjyň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlygyna ynam bildirdi.
Serdar Berdimuhamedow Bitaraplyk we howpsuzlyk institutyny döretmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylanda, biziň ýurtlarymyzyň bähbitleriniň laýyk geljekdigine ynam bildirip, ýurdumyzyň munuň üçin Aşgabatda zerur bolan ähli infrastrukturany we şertleri hödürlemäge taýýardygyny tassyklady. Bu institut Bitaraplyk, onuň bilen baglanyşykly meseleler boýunça seljeriş barlaglaryny geçirmek üçin netijeli meýdança bolmalydyr.


düýn 23:05
478

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
725

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

23.06.2026 19:20
5.6k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......