GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň indiki sammitiniň geçiriljek senesi we ýeri belli boldy

  • 14.10.2023 07:59
  • 5.9k+

GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi 2024-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda Moskwada geçiriler. Bu barada GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew Bişkekde «Ala-Arça» döwlet kabulhanasynda giňişleýin düzümde geçirilen gepleşikleriň barşynda habar berdi.

13-nji oktýabrda Bişkekde GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Lebedewiň aýtmagyna görä, dar düzümde geçirilen gepleşiklerde gün tertibi tassyklanyldy. Prezidentler GDA-nyň çäklerinde özara gatnaşyk meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
Wekiliýetleriň ýolbaşçylary 2024-nji ýylda GDA-da başlyklyk etmegiň Russiýa geçmegi barada, Gyrgyzystan bilen Täjigistanyň bolsa wise-başlyklyk etmegi barada karar kabul etdiler.


düýn 23:05
478

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
725

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

23.06.2026 19:20
5.6k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......