Türkmenistanyň Prezidenti bergiler babatdaky borçnamalar we özara hasaplaşyklar meselelerine üns bermegi teklip etdi

  • 13.10.2023 17:37
  • 25k+

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bişkekde geçirilýän GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň Sammitinde bergiler babatdaky borçnamalar we özara hasaplaşyklar meselelerine üns bermegi teklip etdi.

«Ykdysadyýetde hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegini gatnaşyklarymyzyň ileri tutulýan ugry hasaplaýarys» diýip, döwlet Baştutany aýtdy.

Döwlet Baştutanynyň aýtmagyna görä, 2019-njy ýylda Aşgabatda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanylan Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlygy hakyndaky Jarnama gol çekildi, soňra ol kabul edilen GDA-nyň ykdysady ösüşiniň 2030-njy ýyla çenli Strategiýasynyň esasyny düzdi.
Serdar Berdimuhamedow türkmen tarapynyň giň gerimli «Demirgazyk-Günorta» we «Gündogar-Günbatar» düzümleýin geçelgeleri ösdürmek babatda energetika, ulag-kommunikasiýa ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça başyny başlan taslamalarynyň Arkalaşygyň döwletleri üçin wajypdygyna ynanýandygyny belledi.
Döwlet Baştutanynyň aýtmagyna görä, biz Hazar-Gara deňiz we Aziýa-Ýuwaş ummany sebitleriniň ulag gatnawlary, şeýle hem Aýlagyň we Ýakyn Gündogaryň ýurtlary bilen logistiki mümkinçilikleri artdyrmaga uly ähmiýet berýäris.

«Häzirki wagtda dünýäniň ykdysady çökgünligi, ählumumy ýangyç-energetika bazarynda durnuksyzlyk şertlerinde hyzmatdaşlygymyzyň maliýe ugry barada hem düýpli pikir etmegi zerur hasaplaýarys. Bergiler babatdaky borçnamalar we özara hasaplaşyklar meselelerine üns bermegi, olary çözmek boýunça ýörite geňeşmeleri geçirmegi teklip edýäris» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy.


düýn 23:05
478

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
725

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

23.06.2026 19:20
5.6k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......