Türkmenistan Ählumumy howpsuzlygyň strategiýasyny işläp taýýarlamak başlangyjyny tassyklady

  • 13.10.2023 17:32
  • 4.5k+

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde agzalan Ählumumy howpsuzlygyň strategiýasyny işläp taýýarlamak başlangyjyny tassyklady. Bu barada döwlet Baştutanymyz Bişkekde geçirilýän GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde belläp geçdi.

Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, soňky döwrüň halkara wakalary parahatçylygy saklamagyň, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmegiň dünýä syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary boljakdygyny aýdyňlyk bilen görkezýär.

«Bu babatda häzirki wagtda Türkmenistan dünýä ösüşiniň ýagdaýlaryny we ugurlaryny nazara almak bilen, BMG-niň howandarlygynda Ählumumy howpsuzlygyň strategiýasyny işläp taýýarlamak mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga girişmegi teklip edýär. Bu başlangyjy biz Baş Assambleýanyň 78-nji mejlisiniň barşynda beýan etdik» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy.

Serdar Berdimuhamedowyň aýtmagyna görä, bu strategiýa möhüm ugurlaryň üçüsini özüne birleşdirmelidir.
Birinji – bu gapma-garşylyklaryň we howplaryň öňüni almagyň we aradan aýyrmagyň, olary ýüze çykarýan sebäpleri ýok etmegiň guraly hökmünde öňüni alyş diplomatiýasynyň ýörelgeleridir.
Strategiýanyň ikinji ugry syýasy-hukuk dereje hökmünde oňyn bitaraplygyň kuwwatyndan peýdalanmak bilen baglydyr.
Üçünjiden, Ählumumy howpsuzlygyň strategiýasynda parahatçylygy üpjün etmegiň kepili hökmünde ynanyşmak dialogynyň medeniýetini dikeltmegiň ähmiýetini nazara almak wajyp hasaplaýarys.
Döwlet Baştutany: «Biz Strategiýanyň işlenip taýýarlanylmagyna özara düşünişmek we hyzmatdaşlyk, şol sanda Arkalaşygyň çäklerinde hyzmatdaşlyk ýagdaýyny pugtalandyrmagyň ýolunda, şeýle hem syýasy, ykdysady, ekologiýa we tebigaty goramak, ynsanperwer häsiýetli derwaýys meseleleri çözmek, umuman, durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin möhüm ädim hökmünde garaýarys» diýip nygtady.


düýn 23:05
478

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
725

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

23.06.2026 19:20
5.6k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......