Hytaý Aý gözlegleri üçin radio teleskop gurup başlady

  • 13.10.2023 16:31
  • 3k+

Hytaý geljekki Aý we uzak kosmos gözleg işlerine goldaw bermek üçin Szilin welaýatynyň demirgazyk-gündogaryndaky Çanbaýşan dagynyň golaýynda 40 metrlik apertura radio teleskopynyň gurluşygyna başlady. Bu barada Sinhua agentligi  habar berdi.

Hytaýyň Ylymlar akademiýasynyň ýanyndaky Şanhaý astronomiýa obserwatoriýasy tarapyndan işlenip düzülen bu enjam uly, doly hereketli, ýokary takyklykdaky, köp maksatly radio teleskopdyr diýip, Sinhua belleýär. Alymlar Çanbaýşan dag sebitini açyk asmany we gurak howasy sebäpli gözegçilikleri alyp barmaga amatly ýer hasaplaýarlar.
Gurluşygy tamamlanansoň täze teleskop ýurduň beýleki bäş teleskopy we Şanhaýdaky bir maglumat merkezi bilen birleşdiriler, bu bolsa Hytaýyň gözegçilik mümkinçiliklerini ýokarlandyrar we uzak kosmos gözleglerine has gowy hyzmat eder. Şeýle hem, ylym merkezi aşa uly gara deşikleri we galaktikanyň dinamikasyny öwrenmek ýaly dürli ugurlarda radio astronomiýa gözlegleriniň örüsini giňelder we ýardam eder.
Täze teleskopyň we onuň stansiýasynyň gurluşygy 2024-nji ýylyň ahyryna çenli tamamlanar.


düýn 11:18
785

Starship-i Aýa uçuşlar üçin orbitara çekiji etmegi meýilleşdirýärler: SpaceX näme teklip edýär?

SpaceX kompaniýasy NASA-nyň "Artemis" maksatnamasynyň çägindäki geljekki Aý missiýalarynyň tertibini üýtgetmegi we "Starship" gämisine Aýa ekipažlary eltip bermekde has giň gerimli orun bermegi teklip etdi....

düýn 10:34
1.4k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....

13.06.2026 16:56
2.1k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......

13.06.2026 12:41
1.7k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....