NASA Bennu asteroidinden alnan materiýanyň nusgalaryny görkezdi

  • 13.10.2023 16:24
  • 7k+

ABŞ-nyň Aeronawtika we kosmos giňişliginiň barlagy milli müdirligi (NASA) ilkinji gezek Bennu asteroidinden Osiris-rex zondynyň getiren materiýasynyň nusgalarynyň suratlaryny görkezdi.

Ýörite metbugat ýygnagynda müdirlik gara reňkli minerallary görkezdi. NASA-nyň müdiri Bill Nelsonyň habar bermegine görä, deslapky derňewler nusgalarda suwuň we uglerodyň bardygyny görkezdi. "Suwuň we uglerodyň molekulalary tapmak isleýän materiallarymyzdyr. Bular saýýarymyzyň emele gelmeginde örän möhüm elementlerdir. Olar [nusgalar] ýaşaýyşyň döremegine sebäp bolup biljek elementleriň gelip çykyşyny kesgitlemäge kömek eder" – diýip, NASA-nyň başlygy nygtady.
Osiris-rex gözleg kapsulasy missiýa başlandan ýedi ýyl soň, 24-nji sentýabrda Bennu asteroidinden alnan materiýanyň nusgalary bilen Ýere gaýdyp geldi. Ol synag syýahatynyň dowamynda takmynan 6,1 milliard km ýol geçdi. Osiris-rex Bennuwa golaýlamak we nusga ýygnamak missiýasynyň (1999 RQ36) çäginde 2016-njy ýylyň sentýabr aýynda orbitada üstünlikli işe girizildi. 2018-nji ýylyň dekabr aýynyň başynda asman jisimine ýetdi.
Zond 2020-nji ýylyň oktýabr aýynda Bennuwyň ýüzündäki Nightingale atly nokada üstünlikli gondy. NASA-nyň enjamy materiýanyň nusgalaryny ýygnady we bortdaky spektroskoplary, kameralary we beýleki ylmy gurallary ulanyp, asteroidiň gurluşyny we häsiýetlerini mümkin boldugyça jikme-jik öwrendi. 2021-nji ýylyň ýazynda Osiris-rex Bennuwyň orbitasyndan çykyp, Ýere tarap ugur aldy.


27.06.2026 10:53
2k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

17.06.2026 11:18
1.1k+

Starship-i Aýa uçuşlar üçin orbitara çekiji etmegi meýilleşdirýärler: SpaceX näme teklip edýär?

SpaceX kompaniýasy NASA-nyň "Artemis" maksatnamasynyň çägindäki geljekki Aý missiýalarynyň tertibini üýtgetmegi we "Starship" gämisine Aýa ekipažlary eltip bermekde has giň gerimli orun bermegi teklip etdi....

14.06.2026 16:13
6.1k+

NASA-nyň zondy Günüň golaýyndaky 1300 °C gyzgynlyga döz gelip, gaýtadan aragatnaşyga çykdy

«Parker Solar Probe» kosmos enjamy Günüň golaýyna tarap ýene bir gezek taryhy rekord derejede golaýlaşmadan we Ýer bilen aragatnaşyksyz geçen dokuz günlük özbaşdak uçuşyndan soň, şowly ýagdaýda ýene......

11.06.2026 10:55
1.9k+

NASA «Artemis III» missiýasynyň ekipaž düzümini yglan etdi

NASA agentligi 2027-nji ýylda amala aşyryljak Artemis III missiýasynyň düzüminde uçmaly dört astronawtyň atlaryny mälim etdi. Missiýa 2028-nji ýylda Aýyň günorta polýusyna ilkinji gezek adamyň aýak basmagyny......