Skoda kompaniýasy 2024-nji ýylyň başynda Gazagystandaky “Allur” zawodynda önümçiligi işe girizer. Bu barada çeh markasynyň metbugat gullugyna salgylanyp, gazeta.ru habar berýär.
Kärhanada Octavia liftbegi, şeýle-de üç krossower – Kodiaq, Kamiq we Karoq ýygnalyp başlanar. Geljek ýyl Gazagystanyň Astana, Almaty, Şymkent we Kostanaý ýaly uly şäherlerinde 15 diler merkezi açylar.
Çeh awtoöndürijisi ýurtda geljek bäş ýylyň dowamynda 200 müňden gowrak awtomobil satmagy we bazaryň 5% paýyny eýelemegi meýilleşdirýär. Skoda Gazagystanyň bazarynda 2005-nji ýyldan 2021-nji ýyl aralygynda hereket etdi.
“Allur” zawody 2010-njy ýylda esaslandyrylyp, önümçilik kuwwaty ýylda 120 müň awtomobile deňdir. Kärhanada JAC, Chevrolet, Kia we Jetour markaly awtoulaglar çykarylýar.