Bişkekde GDA-nyň döwlet baştutanlarynyň sammiti başlandy

  • 13.10.2023 15:44
  • 1.5k+

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ýurtlarynyň prezidentleri Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekde geçirilýän sammite ýygnanyşdylar. Sammit “Ala-Arça” döwlet rezidensiýasynda geçýär. GDA-nyň döwlet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi dar we giňişleýin düzümde geçirilýär diýip, sputnik.kz habar berýär.

GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň maglumatlaryna görä, gün tertibinde sebitdäki häzirki ýagdaýy ara alyp maslahatlaşmak, resminamalar toplumyna gol çekmek ýaly meseleler bar.
Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Žaparowyň baştutanlygynda geçirilýän mejlise Russiýanyň, Azerbaýjanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň prezidentleri hem gatnaşýar.
Dar düzümde duşuşyk ýapyk görnüşde geçirilýär. Soňra giňişleýin düzümde mejlis başlanar. Onuň netijesi boýunça resminamalara gol çekiler, GDA-nyň döwlet baştutanlary HBS üçin beýanlar bilen çykyş ederler.
Habar berlişi ýaly, 2023-nji ýylda Gyrgyzystan GDA-da başlyklyk edýär.


düýn 23:05
665

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
789

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

23.06.2026 19:20
5.6k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......