Soňky iki ýylda Türkmenistan bilen Gyrgyzystanyň özara haryt dolanyşygy artyp, 82 mln dollara ýetdi

  • 13.10.2023 13:13
  • 6.3k+

Gyrgyzystan Türkmenistany möhüm ykdysady hyzmatdaşy hökmünde görmek bilen, söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge we hil taýdan ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Bu barada Sadyr Žaparow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşygynyň barşynda belledi. Bu barada gyrgyz Lideriniň Metbugat gullugy habar berýär.

Gyrgyz Lideri soňky iki ýylda özara haryt dolanyşygynyň artyp, ABŞ-nyň 82 mln dollaryna deň bolandygyny nygtady. Iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklar hem işjeňleşdirildi. Netijede söwda-ykdysady gatnaşyklar depginli ösdürilýär. Muňa garamazdan, häzirki görkezijiler iki ýurduň ykdysady mümkinçiliklerine laýyk gelmeýär.
Sadyr Žaparow gyrgyz tarapynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini mälim etdi.

 

Öz gezeginde, Serdar Berdimuhamedow iki ýurduň özara haryt dolanyşygynyň artmagyny kanagatlanma bilen belläp, bu depgini dowam edip, ony mundan beýläk hem ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri gözlemegiň zerurdygyny nygtady.


düýn 17:39
1.6k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 18:04
5.5k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......