Türkmenistanyň Prezidenti iş sapary bilen Gyrgyzystana bardy

  • 13.10.2023 09:27
  • 20k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Gyrgyz Respublikasyna iş sapary bilen bardy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň uçary Gyrgyzystanyň paýtagtyna çenli uçuşy amala aşyryp, «Manas» Halkara howa menziline gondy. Howa menzilinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy resmi adamlar garşyladylar.
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, Bitarap Türkmenistanyň GDA-nyň çäklerinde açyk we deňhukukly dialoga ygrarlydygyny bellemek gerek. Ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara we sebit guramalarynyň hem-de düzümleriniň ugry boýunça giň netijeli hyzmatdaşlyk bu strategiýanyň esasy ugry bolup durýar.


düýn 23:05
478

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
725

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

23.06.2026 19:20
5.6k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......